× Home Products About Us Shops Contacts
RU TM

Biz barada

“Ynamly eller” hususy kärhanasy PASYL haryt nyşany bilen önümçlige 2017-nji ýylda başlady. Önümçilik edýän ýeri, Lebap welaýatynyň, Türkmenabat şäheriniň, 1-nji senagat zolagynda ýerleşýär. Kärhanamyz edil häzirki wagtda jemi 3 sany daşky diwar üçin, 5 sany hem içki diwar üçin suw emulsiýa boýagynyň önümçligini amala aşyrýar. Öňümizde sintetiki esasly karaskanyň hem 4 görnüşini, suw esasly bezeg boýaglarynyň bolsa 2 görnüşini öndürmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagta PASYL haryt nyşanly önümler Türkmenistanyň bazarynda 102 sany söwda nokadynda satylýar. Boýagymyzyň esasy aýratynlygy ýapyjylygynyň ýokary hilli we ýetýän m2 ölçeginiň köplügidir. Mundan başgada howa şertlerine hem çydamlydygny belläp geçsek bolar.

Eksport

Öndürýän önümlerimiziň bäşleşige ukyply önüm bolmagyny şeyle-de ol önümlerimizi daşary ýurda eksport etmegi maksat edinýäris.

Gurluşyga goşant

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümlerini” öndürmek baradaky edýän tagallalary netijesinde 2017-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetine öz goşandymyzy goşmak isleýäris.

Maksatlar

Kärhanamyzyň esasy maksady öz müşderilerine daşary yurt boýaglarynyň iň gowusynyň hili bilen barabar ýokary hilli boýagyny amatly bahadan hödürlemek. Hilden hiç wagt tygşytlaman bu barada diňe ösüşlere dowam etmek.